Türkmenistanyň Prezidenti: geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda
18:46 16.08.2022 6100
Geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.
«Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» — diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir.
Wideoýüzlenmesinde döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ulaglar ulgamyny ösdürmek, özi-de iň ýokary derejede ösdürmek boýunça dialogyň başlanandygyny we has oýlanyşykly, bitewi häsiýete eýe bolup başlandygyny ynam bilen tassyklap bolar. Oňa döwletler, kompaniýalar, halkara institutlar we guramalar gatnaşýarlar.
Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar. Bularyň hemmesi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijisiniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär. Ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depginindäki tapawutlyklardan, hemmetaraplaýyn peselmeginden we çökmeginden kepillendirýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýandygyny ýatladýarys.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.