«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady

09:00 16.08.2022 6992

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5298/original-162f9e70ec400d.jpeg

15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi.

Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar.

Forumyň wezipeleri koronawirus pandemiýasyndan soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri – çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak,  DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy.

Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmaga gönükdiriler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynda hödürleniler.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.