Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA

08:54 12.08.2022 4995

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5276/original-162f4d866baf0b.jpeg

OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.

Guramanyň maglumatlaryna görä, iýul aýynda dünýä boýunça nebit ibermeleri 100,5 mln b/g ýetdi. Bu 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri maksimal görkezijidir.

«Demirgazyk deňizden Kanadada we Gazagystanda meýilleşdirilen abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, dünýäde nebit çykarylyşy 1,4 mln b/g artyp, 100,5 mln /g çenli ýokarlandy, Saud Arabystany bolsa nebit çykaryş möçberini OPEC+ ylalaşygyna laýyklykda artdyrdy. Russiýadan ibermeler hem az-kem artdy» - diýlip habarda aýdylýar.

HEA-nyň garaşmagyna görä, 2022-nji ýylda nebit ibermeleri ortaça 100 mln b/g deň blar.

OPEC+ ylalaşygy iýul aýynda 523% ýerine ýetirildi, şol bir wagtda OPEC ýurtlary ylalaşygy 359%, OPEC däl döwletleri 800% ýerine ýetirdiler diýip, HEA-nyň analitikleri hasapladylar.

Bu diýildigi, OPEC-e girmeýän döwletleriň iýul aýynda 38,71 mln b/g çykarandygyny, ylalaşyga laýyklykda, 41,45 mln b/g çykaryp biljekdigini we 2,74 mln b/g yza galýandygyny aňladýar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.