Türkmenbaşyda ulag boýunça maslahata gatnaşyjylar mälim boldy
15:32 09.08.2022 12434
30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň wekilleri 15-16-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA we ş.m., birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary bar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG derejesinde ulag meseleleri boýunça ählumumy gepleşikleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda ylalaşyk esasynda durnukly ulag we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky kararnamalaryny kabul etdi.
Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek forum, 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlaryndan biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenbaşy şäherindäki foruma gatnaşyjylara ýüzlenmegine garaşylýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.