Türkmen alymy Türkmenistanda geliý önümçiliginiň strategik bähbidine ynam bildirýär

11:21 26.08.2020 11670

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/526/original-15f3fb03c08c53.jpeg

Türkmenistandan professor, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow CentralAsia.news saýtyna beren interwýusynda Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşini üpjün edip biljek önüm hökmünde geliý önümçiliginiň strategik taýdan utuşly mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Professoryň belleýşi ýaly, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde geliý ýetmezçiligi emele geler, şonuň üçin hem eýýäm häzirden onuň önümçiligini artdyrmak hakynda pikirlenmek gerek. Esasan hem, geliý tebigy gaz toplumlaýyn gaýtadan işlenilende bölünip taýýarlanylýar.

Şu nukdaýnazardan, bu özboluşly çig maly öndürmek boýunça häzirki zaman infrastrukturany emele getirmek üçin Türkmenistanda ägirt uly mümkinçilikler bar. Gaz känlerini özleşdirmekligiň artmagy netijesinde Türkmenistan geliýni iri öndürijileriň hatarynda öňdelige aňsatlyk bilen çykyp biler. Öz sözlerini tassyklap, ylmy işgär Türkmenistanyň uglewodorod gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýändigini belläp geçdi.

— Bu gazyň önümçiliginiň toplumlaýyn infrastrukturasyny döretmek üçin Türkmenistanda ägirt uly mümkinçilikler bar. durnukly ykdysadyýete we ösen nebitgaz infrastrukturasyna eýe bolan türkmen döwleti düzüminde geliý saklaýan tebigy gazy çykarmaklygy we peýdalanmaklygy düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň toplumyny düzüp bilerdi – diýip alym belleýär.

Onuň pikirine görä, «Galkynyş» gaz käni, «Täjibaý» meýdançasy, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi we tebigy gazyň geljegi uly beýleki meýdançalary geliýniň mümkin bolan çeşmeleri bolup biler.

Olaryň her birini düzüminde geliýni göterimleýin saklaýşyny barlamak gerek. Geliýni senagat taýdan almak üçin tebigy gaz ýeke-täk çig mal çeşmesi bolup durýar diýen ýaly. Geliýni iri öndürijileriň hatarynda  Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeläp biler. Ýiti ýetmezçilik edýän senagat önüminiň Türkmenistanda önümçiliginiň mümkinçilikleri ýurduň tebigy gaz känlerinde onuň ätiýaçlyklarynyň derejesi bilen kesgitlenilýär, diýip Ylýasow belleýär.

Eger-de barlaglaryň dowamynda gaz känleriniň haýsy hem bolsa birinde geliýniň derejesi örän ýokary bolup çyksa (1000 kub metr tebigy gaza 0,2-0,8%), onda ol geliýni çykarmakda we işläp taýýarlamakda geljegi uly bolup biler.

Ylýasowyň pikirine görä, ilkinji nobatdaky ädim hökmünde gazkondensatly känleri toplumlaýyn barlag taslamasyny, şol sanda gazy çykarmak we gaýtadan işlemek, geliýni bölüp almak, saklamak we ibermek infrastrukturasyny döretmek işlerini durmuşa geçirmek bolar.

Çig maly satmak üçin mümkin bolan bazarlar hökmünde Ylýasow ony sarp edýän iri merkezler bolan ABŞ-ny, Hytaýy, Koreýa Respublikasyny, Singapury, Tailandy, Hindistany, Ýaponiýany, Skandinawiýa ýurtlaryny, Awstraliýany we Täze Zelandiýany belläp geçdi. Mundan başga-da, geliý ulanmak arkaly tehnologiýalaryny ösdürýän ýurtlaryň sany barha artýar.

Analitikleriň çaklamalaryna görä, 2020-2022-nji ýyllarda dünýä bazarlarynda geliýniň sarp edilişiniň  artmagy netijesinde öňdebaryjy öndürijileriň ammarlarynda bu gazyň ýetmezçiligi ýüze çykyp başlar. Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň bazarlary has hem depginli ösýär — soňky ýyllarda geliýe bolan isleg bu sebitde 5-10% artdy.

Geliýni iri öndüriji bolmak we bu gymmatly önümi dünýä bazaryna çykarýan döwlet bolmak üçin Türkmenistanda tebigy, tehnologik we adam serişdeleriniň ählisi bar, diýip alym belledi.

Tehniki ylymlaryň doktory lukmançylyk we senagat ulgamlaryndan giňden peýdalanmak bilen çäklenmän, geliýniň adamzat ösüşini herekete getiriji bolup durýandygyna hem ünsi çekdi. Alym geliýniň harby-tehniki, awiasion, raketa, elektron we atom ulgamlarynda zerurlygyny hem belledi.

Başga makalalar
167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


166702165d143a.jpg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.