«Günorta gaz geçelgesi» gaz geçirijisini doldurmak üçin türkmen gazy gerek — bilermen
10:59 04.08.2022 8854
«Günorta gaz geçelgesini» diňe azerbaýjan gazy bilen doldurmak örän kyn, onuň üstüne Türkmenistanyň hem gazy gerek. Bu barada Energetika barlaglarynyň Oksford institutynyň uly ylmy işgäri Julian Bouden belledi diýip, Trend agentligi habar berýär.
«Günorta gaz geçelgesi» örän oňat işleýär: ol Günorta Ýewropa we Italiýa gaz ýetirýär hem-de ÝB ýurtlaryna (Gresiýa, Bolgariýa we Italiýa) ibermeleri diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek edýär» - diýip bilermen belledi.
Boudeniň şeýle hem bellemegine görä, Ýewrokomissiýa bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika ulgamynda özara düşünişmek hakynda ýakynda gol çekilen Ähtnama «GGG-niň» geçirijilik ukybyny iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar.
«Gazyň haýsy çeşmeleriniň hasabyna? Eger-de bu Azerbaýjan bolsa, Upstream toplumy boýunça borçnamalar gerek. 2027-nji ýyla GGG-niň goşmaça kuwwatlyklaryny diňe azerbaýjan gazy bilen doldurmaklyk kyn düşer. Türkmen gazyny ýa-da Eýrandan swop ýa-da Hazarüsti gaz geçirijisini goşup bolar» - diýip, bilermen belledi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.