Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça 6% möçberde saklanýar
21:17 11.07.2022 6206
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede — 6 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri seljerildi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Häzirki döwürde umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.
Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň hasabatyna görä, pudaklar durnukly ösýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň we beýleki önümleriň öndürilişiniň ösüşi ýokarlandy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.