TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ýokarlandy
18:29 09.07.2022 4903
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 6-njy iýulda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ýokarlandy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Owganystanly telekeçiler suwuklandyrylan tebigy gazyň 1 tonnasyna 550 dollar hödürlediler. Bu soňky söwdalar bilen deňeşdirilende 10% köpdür. Umumylykda, eksporta 1,2 müň tonna suwuklandyrylan gaz iberiler. Bu haryt boýunça geleşikleriň jemi bahasy 165 dollara barabar boldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.