«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar

18:09 10.07.2022 15894

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5033/original-162c7cd9a559b7.jpeg

Hormatly adamlar,

«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri aşakdaky çärelerine gatnaşmaga çagyrýar:

2022-nji ýylda «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň telekeçiler üçin «Açyk gapylar» güni.

Seneler: 

Aşakdaky senelerde işewürligiň dürli ugurlary boýunça çäreler

1.     2022-nji ýylyň 15-nji iýuly. (Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk, gorag howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmaty berijiler)

2.     2022-nji ýylyň 16-njy iýuly. (Şu ugurlar boýunça hyzmatlary berijiler: mehaniki statiki we mehaniki aýlawly enjamlar, elektrik enjamlar, Barlag lçeg enjamlary, gözegçilik ulgamy we ölçeg ulgamynyň enjamlary)

3.     2022-nji ýylyň 18-nji iýuly. (Önümçilik we operasion hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler)

4.     2022-nji ýylyň 19-njy iýuly. (Önümçilik we operasion hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler)

5.     2022-nji ýylyň 20-nji iýuly. (Logistika we ammarlar boýunça hyzmatlary berijiler)

6.     2022-nji ýylyň 21-nji iýuly. (Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we umumy administratiw hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler)

Wagty: 08:30 – 12:30

Geçiriljek ýeri: «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Gyýanlydaky zawody

Geçiriljek ýere Kompaniýaňyz barada doly maglumatlary getirmegiňizi haýyş edýäris.

Eger-de siz gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, şu elektron salgylar boýunça kompaniýaňyz barada maglumatlary «2022-nji ýylda «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin «Açyk gapylar» güni» sözbaşysy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda 12:00-a çenli ibermegiňizi soraýarys.

«Giriş mugt, her kompaniýadan 2-den (iki) köp bolmadyk wekil çagyrylýar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.