Mohammed Barkindo: erkin çykaryş kuwwatlyklary taryhda iň pes ýagdaýda, syýasy çözgütler zerur

09:20 07.07.2022 6544

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5013/original-162c569adc18de.jpeg

*** OPEC-iň Baş sekretarynyň Nigeriýada geçen maslahatdan iň soňky çykyşyndan

Gazylyp alynýan ýangyçdan el çekmäge çagyryşyň netijesinde pudaga doly maýa goýmazlyk zerarly 62 ýyllyk taryhyň dowamynda OPEC ýurtlarynyň erkin çykaryş kuwwatlyklary iň pes ýagdaýda, bazarda nebit ýetmezçiliginiň meselesini çözmek üçin syýasy çözgütler zerur. Bu barada OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo 5-nji iýulda Nigeriýadan geçen maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda belledi.Görlüp oturylsa, bu Mohammed Barkindonyň köpçüligiň öňünde iň soňky çykyşy boldy. Ol şol gün gije aradan çykdy.Maslahatda eden çykyşynda Barkindo nebit pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerine häzir hem-de uzak geljekde päsgelçilik berýän birnäçe ugurlar boýunça ägirt uly meseleler bilen ýüzbe ýüz bolýandygyny belledi. «Nebitgaz pudagy gabawda!» - diýip Barkindo belledi.«Birinjiden, Gündogar Ýewropada üýtgeýän geosyýasy wakalar, Ukrainada söweş hereketleriniň dowam etmegi, COVID-19 pandemiýasynyň dowam etmegi we tutuş dünýä boýunça puluň hümmetsizlenmeginiň artmagy bir bitewi harasada birleşip, haryt bazarynda, aýratyn hem energiýa dünýäsinde nätakyklygy döredýär» - diýip ol belledi.«Şunuň netijesinde senagat taýdan ösen ýurtlaryň we köpugurly guramalaryň birnäçesi energetiki geçişi çaltlandyrmaga we energo sarp edişi düýpli üýtgetmäge gönükdirilen aýgytly syýasaty geçirmegini dowam edýärler» - diýip, Barkindo belledi. Onuň bellemegine görä, nebit pudagy 2015-2016-njy ýyllaryň bazar çökgünligi we COVID-19 pandemiýasy zerarly «ägirt uly maýa goýum ýitgilerinden» saplanmady.Onuň sözlerine görä, 2020-nji ýylda nebitiň gözlegine we çykarylyşyna umumy çykdajylar takmynan 30% peseldi, 2015-2016-njy ýyllarda hem bu görkeziji 26% aşaklady.OPEC-iň bahalandyrmasyna görä, dünýäniň nebit toplumyna 2045-nji ýyla çenli energiýa islegiň 28% artmagyna garaşmagy kanagatlandyrmak üçin gözleg, ibermek we gaýtadan işlemek üçin 2045-nji ýyla çenli 11,8 trln dollar möçberinde maýa goýum gerek bolar. Garaşylyşy ýaly, nebit energetiki deňagramlylykda esasy paýyny saklap galyp, 2045-nji ýylda 28%-den sähel geçer, ondan soň 24% bilen gaz durar.«Nebit bazaryna maýa goýmazlygyň ýyllary bazaryň häçirki dartgynlylygyny we erkin kuwwatlyklaryň aşa az mukdaryny düşündirmäge mümkinçilik berýär. OPEC-iň 62 ýyllyk taryhynda ätiýaçlyk kuwwatlyklar şu wagtky ýaly pes derejede bolmandy. Bu uruşlary, tebigy betbagtçylyklary we bazaryň beýleki sarsgynlaryny nazara alanyňda şeýle. Eger-de bu ýagdaý saklanyp galsa, ol bizi geljekde hem yzarlap biler» diýip OPEC-iň Baş sekretary belledi. 

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.