Prezident: Türkmenistanyň ykdysadyýeti kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösýär
11:12 26.08.2020 11787
Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli, emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň kabul eden maksatnamalaryna laýyklykda ösmegini dowam edýändigini nygtady, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerini jemledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Bazar ykdysadyýeti kemala gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysady özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek işleri dowam edýär.
Şu ýyl üçin öňde durýan wezipeler dogrusynda durup geçip, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak baradaky maksatnamalarymyza goşmaça itergi bermeli. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaly.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2020-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi, Şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — iýul aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,3 göterim artdy. Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,6 göterim, çykdajy bölegi 94,2 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.