Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti «Hazar bäşliginiň» hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ymtylyşyny tassyklady
17:37 30.06.2022 7065
29-njy iýunda Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.
Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.
Sammite gatnaşyjylar gysga düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk hem-de giňişleýin düzümdeduşuşyk geçirdiler we gyzyklanma bildirilýän meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.
Prezidentler Hazar deňzinde kenarýaka döwletleriň alyp barýan işleriniň şu ýörelgeler, ýagny döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine, garaşsyzlygyna, özygtyýarly deňhukuklylygyna hormat goýmak, güýji ýa-da güýç ulanmak howpuny salmagy ulanmazlyk, birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk etmek, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk tassyklanyldy.
Prezidentler Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar bilen peýdalanmak, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek, Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri parahatçylykly serişdeler arkaly çözmek barada ylalaşdylar.
Prezidentler energetika pudagynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Prezidentler Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda gol çekilen Ylalaşygyň güýje girmegini makulladylar.
Ýedinji Hazar sammiti Eýran Yslam Respublikasynda, ylalaşylan möhletlerde geçiriler.
Altynjy Hazar sammitiniň barşynda döwlet Baştutanlary şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşylaryň birnäçesini geçirdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.