Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ýedi aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy
11:27 26.08.2020 11203
Geçen anna güni Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň şu ýylyň ýedi aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýedi aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, gözegçilik edýän ulgamlarynda 2030-njy ýyla çenli döwürde nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasynyň 102,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 101,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasynyň 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 103,7 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasynyň 102,3 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasynyň 106,9 göterim berjaý edilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ösüşi 118,4 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüşi 106,7 göterime deň boldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleri görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyz ägirt uly çig mal serişdelerine eýedir. Döwlet Baştutany çig maly gaýtadan işlemek boýunça täze zawodlary gurmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli işleriň geçirilmelidigini, ozal bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde döwrebap kärhanalarda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy zerurdyr. Gurbanguly Berdimuhamedow munuň täze iş orunlaryny döretmäge hem-de eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak barada hem wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.