Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary

09:13 11.06.2022 12612

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4787/original-162a2eca2a35b6.jpeg

10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habalar agentligi habar berýär.

«Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýdy» diýip TDH belleýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, döwletara gatnaşyklarynyň milli bähbitleriň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşygyna esaslanýan täze görnüşini ýola goýýarlar.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde ösdürilýän netijeli syýasy gatnaşyklar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň ynama we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini maksat edinýändikleriniň hem-de taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasy» görnüşi hem özüniň netijeliligini görkezip, däp bolan söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Bilelikdäki köpýyllyk işleriň netijesinde toplanan üstünlikli tejribe diňe bir özara gyzyklanmalaryň saklanyp galýandygyny däl-de, eýsem, taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny hem görkezýär. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyga Russiýanyň aýry-aýry sebitleri, onuň iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan hem-de Swerdlowsk oblastlary, Russiýanyň demirgazyk paýtagty – Sankt-Peterburg şäheri we beýlekiler goşuldylar.

Mahlasy, soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň netijeli guraly ýola goýuldy hem-de onuň çäklerinde yzygiderli esasda dürli derejelerdäki duşuşyklar, şol sanda ýokary derejedäki gepleşikler, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary, işewürlik forumlary, köpsanly medeni çäreler geçirilýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýär. Bu topar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary kesgitleýär hem-de amatly şertleri döredýär. Söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa, bilim we saglygy goraýyş, öňdebaryjy tehnologiýalar, oba hojalygy we köpsanly beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Şu ulgamlarda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijelidir.

Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly, deňhukukly we ýokary derejedäki türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.