Bäş aýyň jemlerine garaldy
20:54 06.06.2022 5817
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Hasabat bilen çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz toplumynyň önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Şeýle-de nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň hünär we bilim derejesini ýokarlandyrmak, täze, döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman maglumatlar, wajyp ugurlar boýunça hünärmenleri goşmaça okatmakda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkeziniň işini kämilleşdirmek babatda anyk wezipeler kesgitlenildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow üstümizdäki ýylyň alty aýyny zähmet üstünliklerine beslemek maksadynda her bir edara-kärhananyň işçi-hünärmenleriniň has-da tijenip işlemeginiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde toplumyň öňünde goýan wezipelerine amal etmekde önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini aýratyn nygtady.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.