Türkmenistanyň Prezidenti: ilatyň iş bilen üpjünçiliginde täze önümçilikleriň döredilmegi möhümdir
09:11 21.05.2022 5956
Geçen penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy. Ileri tutulýan meseleleriň hatarynda täze iş orunlaryny döretmek agzaldy.
Bu mesele boýunça döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiziň degişli ugurlaryna gzegçilik edýän wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynda täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle-de toplumyň kärhanalarynyň, desgalarynyň sany hem-de täze desgalaryň ulanmaga berlişi, işgär birlikleri we ýangyç-energetika toplumynda goşmaça iş orunlarynyň döredilişi barada maglumat berildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatlyklaryny has doly ulanmak, täze iş orunlaryny döretmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutany Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy.
Pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we sebitleri durnukly ösdürip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Pudak ýolbaşçylary tarapyndan belli bir derejede işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler hem-de öňümizde durýan wezipeler heniz köp diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň we ilatymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmaly. Institusional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmeli.
Türkmen halky «Çekseň zähmet —– ýagar rehnet» diýýär. Şoňa görä-de, pudaklarda maýa goýumlaryny netijeli özleşdirip, döwrebap önümçilikleri işe girizmek, şäherdir obalarda, hatda çet ilatly ýerlerde-de goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ilatymyzyň ak ýürekden, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak biziň esasy borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutany sözüni jemledi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.