Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda we Tatarystanda nebiti çykarmakda, gaýtadan işlemekde we nebithimiýasynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar

09:09 21.05.2022 13557

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4638/original-16287380427aa0.jpeg

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara ykdysady sammitiniň plenar mejlisinde söz sözledi.

Soňky döwürde hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýan türkmen-tatar gatnaşyklaryna goşmaça kuwwatly itergi berildi.

Ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod”, “Ak Bars” gämigurluşyk korporasiýasy ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistandaky işi aýratyn bellenildi. Olar özlerini ýurdumyzda iň oňat tarapdan görkezdiler. Türkmenistan olar bilen mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň, ilkinji nobatda, senagatyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, täze pudaklaryň döredilmegini, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň köp görnüşleriniň öndürilmegini göz öňünde tutýandygy bellenildi.

Bu babatda maşyngurluşyk, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek ulgamlarynda, nebithimiýa senagatynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şol ulgamlarda Türkmenistan we Tatarystan uly kuwwata eýedir.

Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hem üstünlikli gatnaşyklar üçin amatly şertler bar. Şunda ýokary tehnologiýalar we ylym bilen baglanyşykly önümçilikler ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurdyr. Biz bu babatda bar bolan uly ylmy we ylmy-önümçilik kuwwaty nazara alyp, tatarystanly hyzmatdaşlarymyz bilen hereketlerimizi işjeňleşdirmek isleýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bilim ulgamy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklar şunuň bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda öz ýaşlaryny Tatarystan Respublikasyna okuwa iberýär. Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 5 müňe golaýy bilim alýar. Biziň ýurdumyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän talyplaryň sanyny ýylsaýyn artdyrmagy, işgärleri taýýarlamagyň ugurlaryny yzygiderli giňeltmegi, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga üns bermegi göz öňünde tutýar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy boldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni gowşuryp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk sözi bilen çykyş edip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň bu ýokary döwlet sylagyny kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, ony doganlyk Tatarystanyň biziň ýurdumyza we türkmen halkyna uly hormatynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.