Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
21:19 19.05.2022 11011
18-nji maýda Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Aşgabatda geçirilen resmi dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Köpçülikleýin dabaralar Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlanyp, şol ýerde güller çemenleri goýuldy. Döwlet Baştutanymyz ilkinji bolup sütüniň düýbüne gül dessesini goýdy. Soňra parlamentiň iki palatasynyň ýolbaşçylary - Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa gül desselerini goýdular.
Bu dabara hökümet agzalary, ministrler we beýleki ýolbaşçylar, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, dabarada olary türkmen lideri mübärekledi.
Gül çemenleriniň goýlmak dabarasy ýurdumyzyň baş Baýdak sütüniniň ýanynda hem geçirildi, bu ýerde uly göwrümli Döwlet baýdagymyz parlaýar.
Şanly senäniň hormatyna agşam Garaşsyzlyk seýilgähindäki «Aşgabat» amfiteatrynda uly konsert berildi, onuň maksatnamsyna teatrlaşdyrylan sahna eserleri, meşhur aýdymçylaryň, folklor we çagalar aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary girdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.