Uzynadada tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny alyndy
10:53 17.05.2022 15205
Türkmenistanyň Konstitusyýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öň ýanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Ekerem” buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Röwşen Garaýewiň we buraw ussasy Öwez Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar.
Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, “Gumdagnebit” nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 91 müň kub metr tebigy gaz we 70 tonna nebit-kondensatynyň senagat akymyny berýär.
“Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrýan “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýokary zähmet ýeňişlerine besleýärler. Burawlaýjylar tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň geçen 4 aýynda önümli guýylaryň jemi 10-sy nebitçilere ulanyşa berildi. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 52 müň 196 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Şonça çuňlugyň 46 müň 994 metri ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançlydyr.
Gazanylan bu üstünliklere “Ekerem” buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem saldamly goşant goşdular. Akpatlawuk, Ekerem, Keýmir Altyguýy, Kemer, Uzynada ýaly meýdançalarynyň ýerasty gatlaklary senagat taýdan özleşdirmekde netijeli işler alnyp barýan müdirligiň zähmet toparlary şu ýylyň başyndan bäri 14 müň 849 metr ýerasty çuňluk geçip, önümli guýylaryň 3-siniň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Şeýle guwandyryjy netijäniň gazanylmagyna soňky döwürde has kuwwatly buraw desgalarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy aýgytly täsirini ýetirdi.
-- Şu ýylyň başyndan bäri Altyguýy ýatagyndaky 140-njy we Keýmir meýdançasyndaky 80-nji guýylaryň gazuw işlerini üstünlikli tamamlan burawlaýjylarymyz Uzyndada känindäki 77-nji guýynyň önümli gatlagyna ýetmekde yhlas baryny edip, tutanýerli zähmet çekdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebit-gaz senagatyna berýän yzygiderli aladasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alýan iň bir kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler. Kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýakyndan ýardam berýär. Şonuň üçin burawlaýjylar her bir işe juda jogapkärli, eserdeň çemeleşýärler – diýip, “Ekerem” buraw işleri müdürliginiň başlygy Seýitmämmet Gurbanmämmedow gürrüň berdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.