ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi wodorod energetikasynyň geljegini maslahatlaşmak boýunça çäre gurady
15:29 14.05.2022 5429
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda «ýaşyl» wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň synag taslamasyny maslahatlaşmak üçin tegelek stol görnüşinde onlaýn çäre gurady diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ýurtda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň işgärleri, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy.
Iki sany belarusly halkara bilermenleri Ýol kartasyny işläp düzmegiň çäklerinde energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini we tebigy gazy peýdalanmak arkaly wodorod önümçiligini maslahatlaşdylar. «Ýaşyl» wodorod giňişligini ösdürmegiň, ekologiýa energetikasyny ösdürmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňlşedirmegiň we ony daşarky bazarlara çykarmagyň kanunçylyk goldawynyň meseleleri çäräniň mowzugy boldy.
Tegelek stol geňeşmeleriniň jemleri boýunça Ýol kartasynyň ilkinji taslamasy işlenip düzüler, beýleki zerur bolan geňeşmelerden soň bolsa, onuň gutarnykly görnüşi taýýarlanylar.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.