Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bellenildi
09:23 11.05.2022 12487
Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, esasy çäreler “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirildi.
Gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny, kümüş saçly enelerimizi, bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini nygtady. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş taryhy waka bolup, onuň kynçylykly, ýowuz ýyllaryny biziň ata-babalarymyz hem başdan geçirdi. Käbir maglumatlara görä, şol ýowuz urşa türkmenistanly gerçekleriň bir milliona golaýy gatnaşyp, umumy ýeňşe goşandyny goşdular. Olaryň yzynda ýar ojagyny saklap galan zenanlar, ene-mamalarymyz hem zähmet gahrymançylygyny görkezip, Ýeňşiň gazanylmagyna kömek etdiler. Bu işler mukaddes, parz işlerdir. Häzirki döwürde biz şol gahrymanlarymyzyň bitiren beýik işlerini, görkezen gahrymançylygyny ýatlaýarys, olaryň sarpasyny belent tutýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary Beýik Ýeňiş baýramy bilen gutlady.
Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz weteranlaryna hormat goýýar we Watan üçin, diýmek, şu günki ýurt üçin janlaryny gurban edenleri unutmaýar.
“Munuň özi diňe janlaryny gurban edip, aramyzdan gidenler üçin däl-de, eýsem, biziň döwürdeşlerimiz we geljekki nesiller üçin hem möhümdir” diýip, ilçi nygtady.
Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalandy, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.