Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi ylalaşdylar
09:01 05.05.2022 6309
Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän, deňhukuklylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine we ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Şu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen döwürde türkmen-eýran gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda işjeň ösdürildi we kämilleşdirildi.
Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belläp, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.
Söhbetdeşler iki ýurduň hem mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki goňşy ýurduň halkyna ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.