Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

21:58 14.04.2022 13899

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4395/original-16257afa5826ca.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanyny hem-de onuň üsti bilen Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene bilen gutlap, geçen 30 ýylda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde uly ösüşlere ýetilendigini, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Prezidenti we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Olar özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Ýurtlarymyz pudaklaryň giň toplumy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdular.

Köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýandyklary nygtaldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Günüň dogýan ýurdy bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, geljekde-de ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegine zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady. Suw meselesi halkara bileleşigiň öňünde durýan möhüm meseleleriň biridir, onuň oňyn çözülmegi ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ýapon tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.