Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdy
11:09 17.08.2020 9612
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideokonferensiýa görnüşinde geçiren gepleşiklerinde söwda-ykdysady, energetiki we ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geçiren duşuşyklarynyň netijeliligini hem-de derwaýyslygyny aýratyn nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň oňyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem dowam etmäge özara taýýarlyklaryny beýan etdiler. Hususan-da, söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.
Bu ugurda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ugrunyň gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikirleri alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, sebitleýin ähmiýete eýe bolan bu taslamalar Owganystanyň çäginden üstaşyr geçirmek arkaly Günorta Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasynyň eksport edilmegi üçin mümkinçiliklerini döredýär we bitewi logistika merkezi bilen utgaşdyrylan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ugrunyň giňeldilmegi üçin zerur şertleri döredýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokarda görkezilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözgüdine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn nygtadylar. Hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa we üstaşyr-logistika ugurly talabalaýyk infrastrukturanyň döredilmegine mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.