Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-de saklanýar
20:24 11.04.2022 8673
Şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy, diýip döwlet Baştutany nygtady.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär.
«Biz sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini artdyrmak boýunça syýasatymyzy dowam ederis» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri-de alyp barmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hökümet mejlisiniň barşynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlaryndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy.
Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 14,6 göterimine barabar boldy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.