Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi
20:26 11.04.2022 5654
Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň şu ýylyň birinji çärýegi boýunça netijeleri jemlenildi. Şol sanda nebitgaz toplumynyň işiniň netijelerine garaldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, birinji çärýekde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,7 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 121,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 124,4 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 102,5 göterime, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 107,4 göterime, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň ösüşi 103,4 göterime deň boldy.
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hem hasabat berildi. “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak boýunça meýilnama 100,9 göterim ýerine ýetirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan kömek berilýändigine garamazdan, nebitgaz toplumynyň işinde öňegidişligiň duýulmaýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany pudagyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligiň güýçlendirilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem milli pulda bölünip berlen karz serişdeleriniň hasabyna işleýän önümçilikleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, şol sanda nebitgaz meýdançalaryny abadanlaşdyrmak we guýulary burawlamak üçin bölekleýin ulanmak, önümçilik kuwwatlyklaryny peýdalanmagy artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny we karzlaryny çekmegi işjeňleşdirmek barada görkezmeler berildi. Şeýle hem döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini güýçlendirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça hem işleri has depginli alyp barmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.
Prezident wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi we bu ýagdaýy çaltrak seljerip, bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän toplumlaryň işinde goýberilen kemçilikler üçin, Ş.Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.