Serdar Berdimuhamedow: Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris
18:54 08.04.2022 13366
Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, diýlip Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagynda aýdylýär.
«Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny iberdi» diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
“Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geçen ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça diýen ýaly hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny we gowy netijeleriň gazanylandygyny nygtady.
Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Dünýä we sebit derejeli abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylmagy muňa şaýatlyk edýär diýlip, hatda bellenilýär.
Prezident türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hem depginli ösdürilýändigini belläp, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etmegiň, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak üçin hökümet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny artdyrmagyň zerurdygy babatda pikirini beýan etdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistany Russiýa Federasiýasy bilen köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli giňeldilýändigini hem-de pugtalandyrylýandygyny nygtap, iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynyň ahyrynda Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde täze üstünlikleri, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.