Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleriniň duşuşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge itergi berer
10:17 05.04.2022 5330
1-nji aprelden Türkmenistana döwlet sapary bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind geldi. 2-nji aprelde “Oguz han” köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleri geçirildi. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şolarda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da biziň ýurtlarymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleri ýaly iri halkara taslamalara gatnaşyjylar bolup durýarlar.
Bar bolan mümkinçiliklerden hem-de kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, ilki bilen, Hindistanyň Prezidentine, hindi wekiliýetiniň ähli agzalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.