Energetika Hartiýasy we Gazy eksport edijileriň forumy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar
09:19 30.03.2022 5324
Energetika Hartiýasynyň we Gazy eksport edijileriň forumynyň ýolbaşçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda gaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Bu barada duşenbe güni «Нейтральный Туркменистан» gazetinde guramalaryň ýolbaşçylarynyň adyndan Serdar Berdimuhamedowyň adyna çap edilen hatda aýdylýar.
«Sebitiň energetika ulgamynda möhüm gatnaşyjylaryň biri hem-de energetika serişdeleriniň ägirt uly goruna eýe bolan döwlet bolmak bilen Türkmenistan mümkinçiliniň artmagyny görkezmegini dowam edýär» diýlip, guramanyň ýolbaşçysy Lensiň Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
«Meniň pikirimçe, ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyna ylalaşýan ýurt hökmünde siziň döwletiňiz energetiki geçiş bilen şertlendirilen täze maksatlara we üýtgäp durýan ählumumy energetiki landşafta uýgunlaşyp biler».
Öz hatynda Lens şeýle belleýär: «Soňky iki onýyllygyň dowamynda Ylalaşygy döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň aýratyn işjeňlik görkezýändigini bellemek isleýärin we gyzyklanmanyň derejesiniň bu hadysa ýardam etjekdigine ynanýaryn».
Gazy eksport edijileriň forumynyň baş sekretary Mohamed Hamel Türkmenistanyň Baştutanyna iberen hatynda belleýşi ýaly, «GECF-iň agzalary bu ugurda bar bolan ählumumy meseleleriň bilelikdäki gözlegini we paýhasly çözgüdini gözlemäge işjeň gatnaşýarlar».
Ol şeýle hem şuny belleýär, «GECF Türkmenistanyň içerki gaz mümkinçiliklerini ösdürmegine, gaz senagatyny ösdürmäge maýa goýumlaryny artdyrmaga ählitaraplaýyn ýardam eder, baý tejribesini paýlaşar we degişli gepleşikleri geçirmäge taýýar».
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.