Merdan Orazmuhammedow - “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji
19:33 27.03.2022 10669
Merdan Orazmuhammedow - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zwodlar toplumynyň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:
- 2022-nji ýylyň – Türkmenistanyň täze Prezidentiniň saýlanylan ýylynyň ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine täze itergi berjekdigine ynanýaryn. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagyny özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen Serdar Gurbangulyýewiçiň halkymyza beren sözüniň hökman amal boljakdygyna hem-de döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine çykaryp, ata Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmäge hem-de türkmenistanlylaryň durmuşyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarys.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.