«Türkmenistanyň nebiti we gazy» Forumyna taýýarlyk görülýär
14:25 25.03.2022 5766
Geljek hepdede — 29-30-njy martda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Onuň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Bu abraýly işewürlik forumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, türkmen döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär.
Forumyň resmi hyzmatdaşlarynyň sanawy ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge daşary ýurt kompaniýalarynyň gyzyklanmasyndan habar berýär. Forumyň esasy hyzmatdaşy — SOCAR azerbaýjan kompaniýasy. CNPC hytaý kompaniýasy — platina hemaýatkäri, Dragon Oil arap kompaniýasy — altyn hemaýatkär, «Westport Trading Europe Limited (WTL) we «Yug-Neftegaz Private Limited» - kümüş hemaýatkäri, Petronas kompaniýasy, «Mitro International Limited» we ARETI halkara kompaniýalar topary — bürünç hemaýatkär boldular.
Forumyň habar beriş hemaýatkärleriniň arasynda — daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleri we täzelikler neşirleri, şol sanda REUTERS, TRT, AFP, ИНТЕРФАКС, RT, Trend, CHINADAILY, SNG.TODAY we Türkmenistanyň birnäçe habar beriş serişdeleri bar. Bu bolsa, Forumyň işiniň, onda öňe sürüljek çykyşlaryň dünýä jemgyýetçiligine giňden ýetiriljekdigini aňladýar.
Forumyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda maýa goýumlaryna, iň täze nebithimiýa taslamalaryna we taslama mümkinçiliklerine jikme-jik seljerme berler, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary tejribesi we garaýyşlary bilen paýlaşar.
Forumyň barşynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň dünýä ýörelgeleri, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlary çekmek, gazhimiýa taslamalarynyň geljegi we beýleki meselelere garalar.
Tejribe alyşmak hem-de Türkmenistanda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada foruma gatnaşyjylara habar bermek üçin panelleýin mejlisleri we prezentasiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.
Foruma Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşar.
Däp bolan görnüş bilen birlikde, foruma Zoom Professional platformasy arkaly dünýä döwletlerinden wekiller onlaýn gatnaşyp biler. Bu format Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guramak üçin hem ulanylar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.