Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
09:26 21.03.2022 13990
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Saýlawçylaryň 72,97 göterimi öz seslerini Serdar Berdimuhammedowa berip, gujur-gaýratly, giň dünýägaraýyşly we oňyn pikirlenmelere ukyply ýaşlara ynam bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti hem dabarada eden çykyşynda aýdyp geçdi.
Dabaraly çäräniň ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýola goýlan dabara dessuryna laýyklykda geçirilip, onuň hökmany düzgünleri, şol sanda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlary öz içine alandygyny bellemek gerek.
Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy bilen Ruhyýet Köşgüniň zalyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hem-de mukaddes Gurhany getirýärler.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G. Myradow şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen ählihalk saýlawlarynyň netijeleri, şeýle hem saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden halkara synçylaryň netijenamasy barada habar berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna milli synçylar bilen bir hatarda synçylaryň hukuklary esasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň asudalyk, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunlarymyza, dünýäde umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny aýdyň görkezendigini ykrar etdiler.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy täze saýlanan döwlet Baştutanyny ählihalk demokratik saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Asylly däbe görä, sahna ak gyňaçly eneler çykýarlar. Olaryň biri ak ýola hem-de asylly işlere ak pata bermegiň nyşany hökmünde düýrlengi ak keçäni getirýär we ýazýar. Beýleki ak gyňaçly ene abadançylygyň we berekediň nyşany hökmünde türkmen saçagyny saklap durýar. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere sarpa goýýar.
Soňra Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Türkmenistanyň halkyna kasam edýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy ähli türkmen halkynyň adyndan saýlanan döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurýar.
Soňra welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurýarlar we türkmen halkynyň adyndan mähirli gutlaýarlar.
Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda öz wezipesine girişendigi dabaraly ýagdaýda yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde baş egýär we mukaddes baýdagy öpüp, oňa togap edýär.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow söz sözleýär. Ol ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mübärekläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda özüne bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu saýlawlaryň netijesinde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyz Türkmenistanyň öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basyp, bu döwrüň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylandygyny belledi. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. Olaryň hatarynda bitaraplyk syýasatyny dowam etmek, durmuş ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrmak, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak ýaly wezipeler bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda geljekde hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris diýip bellemegi Ruhyýet Köşgündäki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin has-da tolgundyryjy ýagdaý boldy.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz pudagynda iş tejribesi bolup, onuň düzümi we mümkinçilikleri barada habarlydygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň ähli mümkinçiliklerini bir ýere jemläp, ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin agzybirlik we jebislik bilen zähmet çekmäge çagyryşy ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Olar döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň rowaçlygy hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy üçin öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak babatda ähli güýçlerini, tejribesini, bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli çäreler guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow halkymyza we hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetiren harby bölümleriň dabaraly ýörişini kabul etdi.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň hormatyna paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde toý sadakasy berildi. Kabul ediş merkezinde bolsa resmi kabul edişlik guraldy.
Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary hem döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň we myhamanalaryň öňünde uly baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.
Agşamlyk baýramçylyk dabaralary Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylary meşhur aýdymçylardyr ýurdumyzyň tans toparlary şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Asmana atylan feýerwerk bu ýerde guralan dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ak mermerli Aşgabadyň asuda asmanyny ýagtylandyran älemgoşar öwüşginleri şanly waka bilen özboluşly sazlaşygy döretdi.
Ýatdan çykmajak şol gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki taryhyna halkymyzyň bitewüliginiň, ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik, abadançylyk we döredijilik ýoluna berk ygrarlydygynyň aýdyň nyşany hökmünde girer.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.