Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
09:49 18.03.2022 6877
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy türkmen döwletiniň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary syýasat ugruny dowam etdirmäge, Hytaý bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek boýunça teklipleri hem-de başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz pudaklaryň giň toplumy boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular.
Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, bu ugurda halkara gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň amala aşyrylmagy özara bähbitli tagallalary birleşdirmegiň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji boýunça türkmen “mawy ýangyjy” Hytaýa yzygiderli ugradylýar.
Bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy ähli gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr hem-de şol bir wagtda sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly goşantdyr. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetine uly orun degişlidir.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden öň Si Szinpin Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeş boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji martda ýurdumyzda geçirilen döwlet Baştutanynyň saýlawlary baradaky meselä degip geçdi. Milli Liderimiz merkezi saýlaw toparynyň yglan eden ählihalk ses bermegiň jemlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny belläp, mundan beýläk işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine goşýan uly şahsy goşandy hem-de netijeli bilelikdäki işi üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.