Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
17:39 16.03.2022 6104
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Prezident Arif Alwi türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowy giň bäsdeşlik esasynda geçen ählihalk saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, möhüm we jogapkärçilikli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň köpasyrlyk dostluk, doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýakyn wagtlarda mynasyp dowamyny tapjakdygyna özara ynam bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow ikiçäk söhbetdeşlikde 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini hem belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Liderine oňyn döwletara gatnaşyklary we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.