Serdar Berdimuhamedow Guterrişe BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy
17:41 16.03.2022 5654
Türkmensitanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bu barada sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bellenildi. BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ondan öň, Guterriş bilen söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedow merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.
Antoniu Guterriş Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.