Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder
17:41 16.03.2022 5642
Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Prezident Wladimir Putin türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti öz tarapyndan gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Russiýanyň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda taryhy taýdan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn nusgasynyň kemala gelendigi nygtaldy. Bu bolsa uzak möhletleýin, ikitaraplaýyn bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň degişli strategiýasyna doly laýyk gelýär.
Ondan öň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen döwletiniň Baştutany merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanandygyny mälim edendigini belledi hem-de özüniň mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.