Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
17:43 16.03.2022 6594
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi. Saýlawçylarda sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.
Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary halkymyzyň bildiren beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen ödejekdigine ynandyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny nygtap, ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Bu wezipeler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» jikme-jik beýan edildi.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda kemala gelen ösüş ýoly, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş babatda başy başlanan özgertmeler dowam etdiriler, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda tagalla ediler.
19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.