Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar
09:12 11.03.2022 7903
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar žurnalistlere habar berdi diýip, TOLO news owgan habarlar agentligi habar berýär.
«Owgan tarapyndan mesele ýok, işleri ýakyn wagtda gaýtadan dikeltmek üçin biz mümkin bolanyny ederis. Öň howpsuzlyk meselesi bardy, emma häzir Owganystandan howpsuzlyk dolulygyna üpjün edildi we TOPH boýunça hyzmatdaşlar mundan habarly» - diýip, Delawar belledi.
Mälim bolşy ýaly, ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr bolan TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» türkmen gaz käninden gözbaş alyp, Hyrat we Kandagar owgan şäherlerinden, Kwetta we Multan pakistan şäherlerinden geçip, Hindistanyň günbataryndaky Fazilka şäherine barar. Türkmen bleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. 2018-nji ýylyň fewralynda owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
Bu taslama, öň, Russiýanyň, ABŞ-nyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň makullamasyny alypdy. TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek meýli barada AÖB, ÝTÖB, YÖB, Saud ösüş gaznasy we beýlekiler mälim etdi. Hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, taslamanyň bahasy 8-10mlrd dollara barabar bolar.
Owganystanda häkimiýet taliban hereketiniň eline geçenden soň, Hereketiň resmi wekilleriniň birnäçesi TOPH taslamasyny we ýurtdaky beýleki iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanmalaryny bildirdiler we olaryň gurluşygynyň howpsuzlygyny kepillendirmegi wada etdiler.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda «Taliban» hereketiniň DIM-i elektrik üpjünçiligi, TOPH we demir ýol aragatnaşygyny giňeltmek boýunça işleriň 2022-nji ýylyň martynda açylyp, başlanjakdygyny habar berdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.