Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ýanwar-fewral aýlarynda işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

10:48 08.03.2022 4859

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4104/original-162259cfaa4e00.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça 117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça 118,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,8 göterime deň boldy.

Wise-premýer daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasynyň 114,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek syýasatyna laýyklykda, gaz ulgamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň garamagyna “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Töwekgelçilikli serwis hyzmatlary hakynda şertnama” esasynda maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmek babatda degişli teklipler hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň zerur kömegi berýändigine, pudaklary ösdürmek üçin köp möçberde serişdeleri goýberýändigine garamazdan, bu pudaklarda heniz öňegidişlikleriň azdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem aýry-aýry görkezijiler boýunça tabşyrygy yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýär.

Döwlet Baştutany wise-premýere emele gelen ýagdaýy içgin seljermegi hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermegi tabşyrdy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.