Nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent 117 dollardan ýokarda, WTI – 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesinde
09:59 04.03.2022 13276
Penşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.
Iri daşary ýurtly satyn alyjylar Ukraina bilen bagly ýagdaý zerarly rus nebitiniň satyn alynmagyny böwetläp, satyn almak üçin alternatiw çeşmeleri gözleýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, bahalaryň has-da ýokarlanmagyna täsir eder diýip, Interfaks belleýär.
Brent nebitiniň maýdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda penşenbe güni 117,26 dollara deň boldy, bu bolsa deslapky gündäkiden 3,83% (4,33 dollar) ýokarydyr.
WTI-niň apreldäki fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky elektron söwdalar biržasynda 114,45 dollara deň boldy. Bu deslapky söwda gününden 3,48% (3,85 dollar) ýokarydyr.
Halkara energetika agentliginiň strategiki ätiýaçlyklaryndan 60 mln barrel nebit çykarmagy bazaryň howatyrlanmasyny ýatyryp bilmedi.
«Bazaryň nebit ibermeleriniň aşa ýetmezçiligine sezewar bolup bilmek howpy güýçli – diýip, Seulda Samsung Futures Inc.-iň çig mal toplumy boýunça analitigi Kim Kwangrae belleýär. — Eger-de, Ukraina bilen bagly ýagdaýlar ýaramazlaşsa, nebit bahalarynyň oýnap durmagy dowam eder».
Şol bir wagtda OPEC+ ýurtlary nebit önümçiliginiň depgini artdyrmagy meýilleşdirmeýärler. Çarşenbe güni olar aprelde nebit öndürmek boýunça meýilnamalaryny 400 müň b/g artdyrmak meýlini saklap galmagy karar etdiler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.