Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
19:12 25.02.2022 6681
Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow E.Stýuart dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär.
Uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, 2008-nji Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi. Bu gün “John Deere” we “Сase” kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Eleсtriс” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.
Döwlet Baştutany gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen deňhukuklylyk esasynda açyk, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary ykdysady ugrunyň möhüm ýörelgesidigini belläp, türkmen tarapynyň ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklaryň, dürli maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany bilelikdäki işiň baý tejribesiniň toplanandygyny nazara almak bilen, açylýan mümkinçiliklere oňyn baha berip, Türkmenistanyň täze tekliplere hem-de däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça garaýyşlara seretmäge hemişe taýýardygyny belledi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.