Lebap welaýatynyň saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidentligine Demokratik partiýadan dalaşgär bilen duşuşdylar
10:25 25.02.2022 7084
Çarşenbe güni Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Dalaşgär bilen duşuşyga kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançylar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzda başy başlanan we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.
Şunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan hem-de şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi baş wezipedir.
Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ykdysadyýetiň gazhimiýa böleginiň pudagyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmagyň hasabyna toplumlaýyn ösdürilmegini, welaýatda täze ugurdaş senagat kärhanalarynyň gurulmagyny geljegi nazarlaýan özgertmeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen sebitiň döwrebap ulag ulgamyny we gurluşyk pudagyny kemala getirmäge uly üns berler.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär sebitiň zähmetkeşleriniň gowaçanyň, bugdaýyň we gök ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändiklerini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat syýasatynyň azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini giňeltmegiň we goldamagyň, toplumyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Geljekde welaýatda gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar gurlar, ekerançylaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreler görler.
Syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärliklere we sebit hem-de dünýä ähmiýetli tebigy goraghanalara baýdygy, olaryň syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi.
Welaýatyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş toplumlaryny, täze obalary, döwrebap bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, dürli düzümleýin desgalary gurmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bu sebitiň türgenleriniň milli we halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, gündogar sebitde-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berler.
Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda dalaşgär oňa gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdi hem-de maksatnamasynyň oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň hasabyna işewürligi ösdürmegiň, gurluşyk toplumyny kämilleşdirmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň geljekki ugurlaryna degişli bölümlerini beýan etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanda dalaşgärler bilen duşuşyklar 9-njy martda tamamlanar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.