Türkmenistanyň Agrar partiýasy ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärini hödürledi

09:05 17.02.2022 8340

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3982/original-1620c99f930cbe.jpeg

Sişenbe güni ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi, onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirip pikir alyşmalarynyň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürlemek baradaky teklibe garaldy.

Çykyş edenler A.Bekmyradowyň ýolbaşçylyk we guramaçylyk başarnyklaryny, onuň hormata mynasyp hünärini we şahsy häsiýetlerini bellediler.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, gurultaýa gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler. Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.

Öz nobatynda A.Bekmyradow üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Öň habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirmek bellenildi.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäreleri dowam edýär.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.