Türkmenistanda geçen hepdäniň birža täzelikleri
15:57 15.02.2022 5798
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, awtobenzini we parafin gaçy satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 56 million 447 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 16 million 42 müň manatlykdan gowrak el halylaryny, nah ýüplügi, buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 989 müň manatlykdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Täze tehnologiýalar AÝGB-laryň işini ýeňilleşdirýär
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri şu ýylyň 11 aýynda ýokary iş netijeliligini görkezdiler. Düýpli abatlaýyş işlerinden soň, Gubadag-Daşoguz awtomobil ýolunyň gündogar böleginde ýerleşen №170 awtomobillere ýangyç guýujy beket ulanyşa girizildi.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmek we bu mesele boýunça Halkara forumy kabul etmek teklibi bilen çykyş eder.
Türkmenistan ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär
17-nji iýunda Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ikinji sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär.
Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.