Türkmenistanyň ýaşululary Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesini ýaş ýolbaşça bermek kararyny goldadylar

16:22 14.02.2022 6766

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3963/original-16209ff44e021a.jpeg

Anna güni geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentlik wezipesini ýaşlara berip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde galmak kararyna gelendigini habar berdi.

«Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady» diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji, 2017-nji ýyllarda geçirilen ählihalk saýlawlarynda hem örän aýdyňlygy bilen duýandygyny nygtady.

«Men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin. Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu gün bolsa özi babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigini aýtdy.

«Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin diýip, türkmen Lideri aýtdy we özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanynyň jogapkärli wezipesinde işlemek bilen, ýurdumyzy ösdürmekde el-ele berip gazanan uly üstünliklerimiz üçin ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn diýip, türkmen Lideri belledi we türkmenistanlylary mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň, merdana halkymyzyň, nesilleriň abadan durmuşynyň, beýik ykbaly üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilleriniň çykyşlarynda beýan ediljek teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag Prezidentimiziň jogapkärli wezipelere Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden pikiriniň wajypdygy bellenildi. Ýaşuly nesil bu başlangyjy doly goldaýar. Şol başlangyçda bolsa döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýan halypaçylyk ýörelgeleriniň asylly däpleri öz beýanyny tapýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň barşynda ýaşlaryň geljekde ýurdumyzy dolandyrmaga gatnaşmak baradaky teklibiniň makullanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.