Türkmenistanda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi

18:01 14.02.2022 32656

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3966/original-16209fedfa49b2.jpeg

Geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edildi.

Geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler.

Geljekde ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge-de hemmetaraplaýyn ýardam berler. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde barha artýan ornuny üpjün etjek eksport mümkinçiliginiň möçberini has-da artdyrmaga şert döreder.

«Garaşsyz döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýçlerinden biri bolan telekeçiligi geljekde hem hemmetaraplaýyn goldar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, innowasion ýagdaý üçin ähli amatly şertler dörediler. Şeýlelikde, biz köp girdeji alarys we maýa goýumlary öz wagtynda gaýtaryp bileris. Geljekde bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenip, ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri dörediler. Biz innowasiýalara esaslanýan işewürligiň täze görnüşleri bolan iri kompaniýalaryň döredilmegini hem goldamalydyrys».

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi dowam eder. Şu maksat bilen, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek dowam etdiriler.

Bu bolsa nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary we «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmagy aňladýar – diýip, türkmen Lideri belledi.

Biz geljekde suwy aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine we ählumumy maýyllaşma uýgunlaşmak soraglary boýunça döwletara gatnaşyklary hem ösdüreris. Çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da zerur işleri geçireris.

«Geljek üçin öňde durýan wezipeler barada durup geçmek bilen, men Türkmenistanyň energetika, ulag, agrar pudagy, tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly adaty ugurlarda ählumumy bäsleşikde artykmaçlygyny berkitmegi we giňeltmegi dowam etjekdigimizi aýtmak isleýärin» - diýip döwlet Baştutany belledi.

«Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Meniň ýokarda aýdanlarymyň ählisi ata Watanymyzy ösdürmegiň geljegi baradaky garaýyşlarymdyr. Bu meniň täze syýasy ugrumdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem maksada okgunly we ruhubelent zähmet çekeris.

Bu ugurda men esasy umydy ýaşlarymyza baglaýaryn. Sebäbi ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär. Olaryň köpüsi Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaş. Ýakyn wagtda olar eziz Diýarymyzyň kämil raýatlary bolarlar, biziň bellän wezipelerimizi işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşarlar. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidir» - diýip Prezident belledi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.