Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylýar

20:06 11.02.2022 14956

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3952/original-16205f91e7a529.jpeg

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň irden başlan birinji böleginde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemi jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň arakesmesinde toý sadakasy berildi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Ýanwar aýynda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhaemdow Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň taslamasy barada hasabatynyň çäklerinde geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýet” syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.