Türkmen geofizikleriniň netijeli işi geljegi uly nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär
19:22 11.02.2022 14161
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Uzynаda» känine baryp gördi we nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzyň baý çig mal binýadyny özleşdirmek boýunça maslahat geçirdi.
Saparyň barşynda döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri, türkmen Lideriniň Hazaryň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Prezident uglewodorod serişdelerine baý gorlar barada maglumat berýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy. Türkmen Lideri bu işleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz pudagynyň önümçilik görkezijileriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.
Türkmen Lideriniň 2022-nji ýylyň başynda Balkan welaýatyna sapary pudagyň zähmetkeşlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Geljegi uly bu meýdançada ilkinji gözleg-barlag işleri 2013-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasy tarapyndan erine ýetirildi. Bu günki gün bu ýerde uglewodorod serişdeleriniň senagat akymy alynýar. Bellenilen meýilnama laýyklykda, 2D we 3D seýsmobarlag ölçegleri, ugurdaş we grawimetriki işler alnyp barylýar, dürli görnüşli barlag usullary geçirilýär.
Geçen ýylda ekspedisiýanyň zähmetkeş toparlary 2D usuly bilen 1 müň 22 pogon kilometrde işler ýerine ýetirildi, şol bir wagtda 57 pogon kilometrde işler bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi. 3D usuly bilen 465 inedördül kilometrde işler ýerine ýetirildi, bu görkeziji 2020-nji ýyldakydan 10 inedördül kilometr artykdyr.
6-7 müň metr çuňlukda plastlaryň barlagy netijesinde alnan seýsmiki maglumatlar geljegi uly nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Toplanan maglumatlar geologiýa maglumat merkezine ugradylýar. Ol ýerde düýpli seljerme işleri geçirilýär we meýdançanyň kartasy taýýarlanylýar.
Soňky ýyllarda pudaga innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy geofizikleriň işini düýpli ýeňilleşdirdi. Balkan welaýatynyň çäginde seýsmiko-gözleg işlerini alyp barýan ekspedisiýanyň esasy wezipesi çuňlukdaky plastlaryň geologiki gurluşyny öwrenmek, geljegi uly meýdançalary, uglewodorod çig mally plastlaryň anyk ýerini ýüze çykarmak bolup durýar. Bu maglumatlaryň esasynda teklipler we maslahatlar taýýarlanylýar.
Buu günki güne çenli ýurdumyzyň günbatar sebitiniň gyzyl plastlary dolulygyna diýen ýaly öwrenildi. Etrek etrabynyň çäginde ekspedisiýanyň hünärmenleri tarapyndan «Rüstemgala» we «Depin» meýdançalarynda 2D barlag işleri, Esenguly etrabynyň çägindäki «Gukurguýy» meýdançasynda 3D barlag işleri, «Ekerem» meýdançasynda grawimetriki barlaglar dowam edýär.
Türkmen alymlarynyň çaklamalaryna görä, miosen plastlary uglewodorod çig malyna baýdyr. Ekspedisiýanyň hünärmenleri tarapyndan geçirilýän bu we beýleki işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary satynda geçýän ýylyň üstünliklerine mynasyp goşant bolýar.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Täze tehnologiýalar AÝGB-laryň işini ýeňilleşdirýär
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri şu ýylyň 11 aýynda ýokary iş netijeliligini görkezdiler. Düýpli abatlaýyş işlerinden soň, Gubadag-Daşoguz awtomobil ýolunyň gündogar böleginde ýerleşen №170 awtomobillere ýangyç guýujy beket ulanyşa girizildi.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmek we bu mesele boýunça Halkara forumy kabul etmek teklibi bilen çykyş eder.
Türkmenistan ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär
17-nji iýunda Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ikinji sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär.
Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.