Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
17:51 07.02.2022 13281
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, ýanwar aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýan wezipeleri, hususan-da, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, köp görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmek, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, şunda geologik-gözleg işlerini sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny hem-de programma üpjünçiliklerini peýdalanmak arkaly ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça berýän tabşyryklarynyň derwaýyslygyna ünsi çekip, pudaklaryň düzüm birlikleriniň önümçilik we ykdysady görkezijileriniň gowulandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.