«Daşoguzgazüpjünçilik» «mawy ýangyjyň» netijeli ulanylmagyny üpjün edýär
09:14 05.02.2022 6385
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň sarp edijileriniň ygtybarly hem üznüksiz gaz üpjünçiligini dowam edýärler. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler ýyladyş möwsüminde welaýatyň gaz paýlaýjy ulgamynyň durnukly hereket etmegini üpjün edýärler.
Daşoguz welaýatynyň çetki nokatlarynyň ilaty hem suwuklandyrylan gaz bilen durnukly üpjün edilýär.
Müdirligiň gaz hojalyk kärhanalary umumy uzynlygy 12 müň 996 km bolan dürli basyşdaky gaz torlarynyň ulanylyşyny amala aşyrýarlar, her günde 4 müň 860 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.
Gaz üpjünçiliginiň durnukly işlemegi üçin müdirligiň ýanynda dürli görnüşli näsazlyklary aradan aýyrmak we öňüni almak boýunça gije-gündizleýin dispetçerlik nokatlary hereket edýär. Olar zerur bolan ulag serişdeleri we köp ýyllyk iş tejribesi bolan hünärmenleri bilen üpjün edilýär.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.